Welaýatara awtobuslaryň biletlerini onlaýn tertibinde satyn alyp bilersiňiz

MilliInfo

1 sagat öň

Welaýatara awtobuslaryň biletlerini onlaýn tertibinde satyn alyp bilersiňiz

Welaýatara awtobus gatnawlary üçin bilet almak indi öňküsinden hem aňsatlaşdy we has-da elýeterli boldy. Ýolagçylar şäherara syýahatlaryny öýden çykmazdan, birnäçe minutda meýilleşdirip bilýärler. Bu täze ulgam adaty kassalarda nobatda durmak aladasyny doly aradan aýyrýar.

Awtobus biletlerini internet arkaly gözlemek we satyn almak hyzmaty auh.com.tm web-saýtynda elýeterlidir. Ýolagçynyň diňe ugruň başlanýan ýerini hem-de barjak nokadyny, syýahat ediljek senäni, ýolagçylaryň sanyny görkezmegi ýeterlik. Ulanyjylara amatly bolan ulgam wagty tygşytlamaga we syýahaty öňünden bellenen tertipde meýilleşdirmäge giň mümkinçilik döredýär.

Şeýle hem bu hyzmatdan diňe bir kompýuter arkaly däl, eýsem, smartfonlaryň ýörite mobil goşundysy arkaly hem peýdalanyp bolýar. Mobil telefonlar üçin niýetlenen «Şäherara bilet» programmasyny «App Store» we «Google Play» platformalaryndan ýükläp almak mümkindir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info