Şäher gurşawynyň öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasiýalary bilen tanyş boluň: Halkara forum size garaşýar

MilliInfo

24 Maý, 2026

Şäher gurşawynyň öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasiýalary bilen tanyş boluň: Halkara forum size garaşýar

Hormatly paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary!

Aşgabat şäheriniň häkimligi 24-25-nji maýda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХV köpugurly halkara serginiň, «Olimpiýa» myhmanhanasynda bolsa «Ak şäherim Aşgabat» atly maslahatyň geçirilýändigini habar berýär. Bu barada 23-nji maýda neşir edilen «Türkmenistan» gazetindäki bildirişde aýdylýar.

Şeýle hem guramaçylar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.

Serginiň iş wagty:

24-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;

25-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy.

Telefon belgileri: 39-88-81, 39-88-84,(83),(82).

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info