Aşgabatdaky halkara sergi saglygy goraýşyň, sportuň we bilimiň ösüşi üçin täze gözýetimleri açar

MilliInfo

18 sagat öň

Aşgabatdaky halkara sergi saglygy goraýşyň, sportuň we bilimiň ösüşi üçin täze gözýetimleri açar

10 — 12-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini hem-de ugurdaş ylmy maslahaty kabul etdi.

Bu iri pudaklaýyn forum halkara ugurdaş düzümleriň wekillerini, şeýle hem Russiýanyň, Hytaýyň, Belarusyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gruziýanyň, ABŞ-nyň, Malaýziýanyň, Türkiýäniň we birnäçe beýleki döwletleriň öňdebaryjy daşary ýurt bilim merkezleriniň hem-de uniwersitetleriniň wekillerini bir meýdançada jemledi. Myhmanlaryň we gatnaşyjylaryň dykgatyna hünärmenleri taýýarlamagyň esasy ugurlary, döwrebap okuw maksatnamalary hem-de daşary ýurtlarda bilim almagyň geljegi uly mümkinçilikleri tanyşdyryldy.

Çäräniň baý işewürlik maksatnamasy B2B we B2G formatlaryndaky gepleşikler tapgyryny, bilermenleriň panel çekişmelerini, öňdebaryjy tehnologik çözgütleriň tanyşdyrylyşyny we amaly ussatlyk sapaklaryny öz içine aldy. Geçirilen duşuşyklar netijeli tejribe alyşmaga, möhüm innowasiýalary ara alyp maslahatlaşmaga hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam etdi.

Sergi halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda lukmançylyk, sport we bilim ulgamlarynyň hünärmenleriniň tagallalaryny birleşdirip, ählumumy hünär gepleşikleriniň netijeli meýdançasy hökmündäki ornuny tassyklady.

«TurkmenExpo» kompaniýasy giň gerimli çäräniň bilelikdäki guramaçysy hökmünde çykyş etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info