Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan halkara dialog

MilliInfo

23-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy maslahat geçirildi.

Halkara maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan edýän döredijilik eserleriniň sergisini synladylar.

Soňra ýokary okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda halkara ylmy maslahatyň umumy mejlisi öz işine başlady. Onda çykyş edenler Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler. Nygtalyşy ýaly, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän çäreler aýratyn many-mazmuna eýedir.

Çykyşlarda şöhratly ata-babalarymyzyň zähmetsöýerligi we zehini bilen bu täsin tohumy döredip, onuň arassalygyny saklap gelendiklerine üns çekildi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan atçylyk sungatymyza kuwwatly itergi berildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke bedewlerini ýetişdirmek boýunça asylly işlerine mynasyp baha berilýär. Olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlar dakylýar. Abraýly halkara festiwallaryň we bäsleşikleriň iň ýokary baýraklaryna mynasyp bolup gelýän «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýädäki meşhurlygy gün-günden artýar. Şu ýylyň başynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şu ýylyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Maslahatyň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmekde aýratyn tapawutlanan we saldamly goşandyny goşan atşynaslara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy. Hormatly ada eýe bolanlar ata-babalarymyzdan miras galan milli atşynaslyk sungatymyzy ösdürmek babatda döwrebap şertleri döredýändikleri hem-de bu ugurda zähmet çekýän atşynaslara berýän ýokary bahasy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

«Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy maslahatda Ýewropanyň, şol sanda Germaniýanyň, Türkiýäniň abraýly atçylyk assosiasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň sanly ulgam arkaly eden çykyşlary hem diňlenildi.

Maslahatda ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikler arkaly olaryň immun ulgamyny berkitmek bilen bagly ylmy barlaglar, bedewiň nusgawy edebiýatdaky waspy baradaky çykyşlar hem diňlenildi. Halkara ylmy maslahatyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň waspy», «Ahalteke atlaryny weterinariýa talaplaryna laýyklykda saklamagyň, iýmitlendirmegiň we seýislemegiň aýratynlyklary», «Ahalteke bedewiniň dünýä atşynaslygynda tutýan orny» atly bölümçelerinde edilen çykyşlar milli atşynaslyk sungatynyň geçen ýoluny we häzirki gazananlaryny hemmetaraplaýyn açyp görkezdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info