Biziň Bitaraplygymyz Türkmenistanyň hakyky özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň kanunalaýyk netijesidir

MilliInfo

13 Dekabr, 2025

12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar.

Şeýle forumyň geçirilmegi biziň döwletimiziň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Nygtalyşy ýaly, geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletimiziň daşary syýasatynyň berk binýady bolup hyzmat etmek bilen, sebit we halkara howpsuzlygy pugtalandyrmaga, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge yzygiderli goşant goşýar. Bu halkara forumyň netijeleri umumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam eder.

Bu forumyň esasy aýratynlygy onuň açyklygydyr hem-de maslahata gatnaşyjylaryň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini bilelikde gözlemäge taýýarlygydyr, olaryň dürli pikirleri kabul etmäge ukyplylygydyr, taraplaryň delillerine we subutnamalaryna hormat goýmagy başarýandyklarydyr. Megerem, bu ugurdaky ýeke-täk ýol hökmünde dialogyň geljegi uly, oýlanyşykly gural hökmündäki gymmatlygy şundan ybaratdyr. Onuň esasynda, hakykatdan-da, uly netijeleri gazanyp, kanuny bähbitlerini hasaba almak hem-de deňagramlylyga ýetmek üçin şertleri döretmek, hakyky ýagdaýlara laýyk gelýän, mümkinçilikleri uly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, iň çylşyrymly netijeler boýunça ylalaşyga ýetmek hem-de oňyn gatnaşyklary ýola goýmak mümkindir. Bu babatda forum uzak geljege gönükdirilen dogry, durmuşa ukyply geosyýasy we ykdysady ugurlary kesgitledi.

Biz Bitaraplygy syýasy we iş ýüzündäki platforma hökmünde peýdalanmagy teklip edýäris, şonuň esasynda häzirki döwürde ylalaşygy, düşünişmegi, ýaraşygy gazanmagyň ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamak mümkindir. Şu nukdaýnazardan, Bitaraplyk bähbitleriň ýakynlaşmagynyň hem-de sazlaşygynyň, hormat goýmak we deňhukuklylyk dialogynyň, pragmatik, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgasyna, ahyrky netijede, ählumumy geosyýasy deňagramlylygy gazanmagyň şertleriniň birine öwrülip biler diýip hasap edýärin. Özara bähbitli, dostlukly halkara gatnaşyklary öz Bitaraplyk syýasaty netijesinde ösdürýän Türkmenistanyň tejribesi Bitaraplygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny we ony Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ulanyp boljakdygyny görkezýär diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Foruna gatnaşan wekiliýet Baştutanlarynyň çykyşlary, teklipdir garaýyşlary parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça alnyp baryljak geljekki işler üçin esas bolup hyzmat eder.

Umuman, biziň bu forumymyzyň oňa gatnaşyjylara şu maksatlar üçin bitaraplyk usullaryny peýdalanmagyň mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn seretmegi teklip edýändigini bellemek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we gysga arakesmeden soňra, parahatçylyk medeniýetini ösdürmegiň hem-de ilerletmegiň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin forumyň işini dowam etmegi teklip etdi.

Arakesmeden soňra, plenar mejlis türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz ilki ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde resmi surata düşdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu ýerde eden çykyşy Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde parahatçylygy, dost-doganlygy hem-de hyzmatdaşlygy dabaralandyrmakdaky mazny-mazmunyny äşgär etdi.

Bu ýerde ähmiýetli çykyşlaryň birnäçesine diňlenildi.

Forumda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleri goldanyldy. Jemleýji resminama hökmünde Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan wekilçilikli forum tejribe alyşmak we dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Ol 30 ýyllyk üstünlikli Bitaraplyk syýasatynyň jemini jemlemek bilen, ony özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we dialog ýörelgeleriniň sebitdäki hem-de ählumumy howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň köpugurly guraly hökmünde ulanyp bolýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info