«Turkmen Travel 2026» halkara forumy dünýä syýahatçylygynyň öňdebaryjy wekillerini jemlär

MilliInfo

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Söwda-senagat edarasy «Talwas ýoly» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we «Oguz Forum&Expo» bölümçesi bilen hyzmatdaşlykda «Turkmen Travel 2026» atly halkara syýahatçylyk forumynyň we sergisiniň geçiriljekdigini yglan edýärler.

Çäre 2026-njy ýylyň 14 — 16-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.

Forum syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjy wekillerini: syýahatçylyk operatorlaryny, awiakompaniýalary, myhmanhana torlaryny, medeni miras we ekosyýahatçylyk boýunça hünärmenleri birleşdirer. Myhmanlar täze syýahatçylyk ugurlarynyň tanyşdyrylyşlaryna, halkara hyzmatdaşlygyň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagyna hem-de döwrebap syýahatçylyk ulgamynda öňdebaryjy tehnologik çözgütleriň görkezilişine gatnaşarlar. Çärä daşary ýurtly wekilleriň we syýahatçylyk pudagynyň ýerli wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu ýerde ekosyýahatçylyga, etnografik syýahatçylyga we Türkmenistanyň özboluşly tebigy baýlyklaryna esaslanýan şypahana-sagaldyş ugruna aýratyn üns berler.

Forumyň esasy maksady halkara kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, Türkmenistanyň özboluşly syýahatçylyk kuwwatyny görkezmek we ýurdumyzy bilim, tejribe we tehnologiýalary alyşmak ulgamynda geljegi uly hyzmatdaş hökmünde tanatmakdan ybaratdyr.

  • Aýratyn üns beriljek ugurlar:
    • myhmanhana biznesini ösdürmek;
    • syýahatçylyk hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak;
    • medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek.

Dialog we innowasiýalar üçin platforma

Bu çäre innowasion taslamalary tanyşdyrmak, şeýle hem häkimiýet, biznes we syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň arasyndaky dialogy höweslendirmäge gönükdirilen B2B we B2G duşuşyklaryny geçirmek üçin meýdança bolar. Şeýle formatlar gatnaşyjylara syýahatçylygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga, üstünlikli tejribeleri alyşmaga we bilelikdäki başlangyçlary işläp düzmäge mümkinçilik berer.

«Turkmen Travel 2026» forumy Türkmenistanyň dünýäniň syýahatçylyk sahnasyndaky ornuny işjeňleşdirmekde möhüm ädim bolar. Ol ýurduň asyrlaryň dowamynda halklaryň arasyndaky söwda, medeni we ylmy gatnaşyklary berkiden Beýik Ýüpek ýolunyň esasy halkasy hökmünde taryhy wezipesini tassyklap, maýadarlaryň Türkmenistana barha artýan gyzyklanmasyny hem-de syýahatçylyk pudagyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga, innowasion taslamalary goldamaga bolan ymtylyşyny aýdyň görkezer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info