Gender deňligi üçin halkara tejribesi: UNFPA-nyň Aşgabatdaky konsultatiw seminary

MilliInfo
Gender deňligi üçin halkara tejribesi: UNFPA-nyň Aşgabatdaky konsultatiw seminary

BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Işçi toparynyň agzalary bilen konsultatiw seminar geçirildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan bilelikde guralan çäre Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Komitetiň (CEDAW) maslahatlaryna laýyklykda zenanlaryň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça Wagtlaýyn ýörite çäreleri hem-de Milli mehanizmi ulanmak meselelerinde halkara tejribesini öwrenmäge bagyşlandy.

Bu çäre Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň, CEDAW-iň Jemleýji belliklerini ýerine ýetirmek boýunça Ýol kartasynyň hem-de UNFPA bilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň arasyndaky bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäklerinde ýaýbaňlandyryldy. Seminary UNFPA-nyň halkara geňeşçisi hanym Lori Mann tarapyndan onlaýn görnüşde geçirdi.

Bu seminar hökümetiň adam hukuklary babatyndaky halkara borçnamalaryny amaly taýdan durmuşa geçirmek boýunça ulgamlaýyn işini we yzygiderli tagallalaryny görkezýär. Türkmenistan Aýallar baradaky kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky konwensiýanyň agzasy bolup, CEDAW Komitetine bu Konwensiýanyň ýerine ýetirilişi barada döwürleýin hasabatlary yzygiderli hödürleýär. Türkmenistan şeýle hem Pekin hereketler platformasynyň durmuşa geçirilişine her bäş ýyldan syn bermek işlerine gatnaşýar. Türkmenistanyň CEDAW we Pekin hereketler platformasy boýunça borçnamalary diňe bir kagyz ýüzündäki hukuk kepillikleri bilen çäklenmän, eýsem, zenanlaryň hakyky durmuşdaky deňligini (de facto) gazanmagy çaltlandyrmakda milli mehanizmleri döretmegi we wagtlaýyn ýörite çäreleri görmegi talap edýär. Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy kabul edildi.

Çärä gatnaşyjylar hakyky (de facto) deňlige ýetmek üçin CEDAW-nyň täsirli guraly hökmünde Wagtlaýyn ýörite çäreleri ulanmagyň halkara tejribesi, şeýle hem durmuşyň ähli ugurlarynda zenanlar we erkekler üçin deň hukuklary we mümkinçilikleri üpjün edýän milli institutlary berkitmek meselelerine seretdiler.

Şu seminaryň geçirilmegi Türkmenistanyň milli kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet derejesinde monitoringi ösdürmek hem-de durnukly ösüşe ýetmek we zenanlaryň hukuklaryny goramak üçin BMG bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga ygrarlylygyny görkezýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info