Halkara dereje we sanly format: TOHU «Türkmenistanda agroinnowasiýa» žurnalyny neşir edip başlaýar

MilliInfo
Halkara dereje we sanly format: TOHU «Türkmenistanda agroinnowasiýa» žurnalyny neşir edip başlaýar

Häzirki wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda beýan edildi.

Elektron žurnal arkaly agronomçylyk, agroekologiýa, gidromeliorasiýa, sanly oba hojalygy, oba hojalygynda ýokary tehnologiýalar ýaly dürli ugurlara degişli öňdebaryjy tejribeler, ylmy-amaly barlaglaryň netijeleri okyjylar köpçüligine ýetiriler. Şeýle hem žurnalda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly ylmy taglymatlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň professor-mugallymlarynyň, alymlarynyň, talyplaryň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir etmegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamaga, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly üns berilýändigini belledi hem-de «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info