Maradonanyň eli bilen derwezeden geçiren topy 3,35 million dollara satyldy

MilliInfo

24 Awgust, 2026

Maradonanyň eli bilen derwezeden geçiren topy 3,35 million dollara satyldy

Rowaýata öwrülen argentinaly futbolçy Diego Maradonanyň 1986-njy ýylyň dünýä çempionatynda Angliýanyň ýygyndysynyň derwezesine eli bilen geçiren meşhur topy auksionda 3,35 million dollara satyldy. «Adidas Azteca» topy Amerikanyň Dallas şäherinde geçirilen söwdalarda täze eýesini tapdy.

Bu top dünýä çempionatynyň Argentinanyň we Angliýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky (2:1) çärýek final duşuşygynda ulanylypdy.

Ilki bilen Maradona eli bilen gol salyp, öz toparyny öňe saýlady.

Şondan dört minut soň bolsa, ol hut şol top bilen garşydaşyň goranyşynyň içinden tilsimleri we tizligi bilen geçip, «Asyryň goly» diýlip atlandyrylan goly geçirdi.

Köp ýyllaryň dowamynda top şol duşuşygyň baş emini, tunisli Aly Bin Nasseriň kolleksiýasynda saklandy. Ol bu topy ilkinji gezek 2022-nji ýylda Londonda auksiona çykarypdy. Şonda bu top takmynan 2,37 million dollara satylypdy.

2026-njy ýyldaky auksionda başlangyç baha 2,5 million dollar boldy. Top üçin hatda 10 million dollar almagyň meýilleşdirilendigi habar berildi. Netijede, top 3,35 million dollara täze eýesine gowuşdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info