10-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahatynyň (COP31) ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň bu maslahata işjeň gatnaşýandygyny nygtadylar.
Diplomatlar sebit we halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
