Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa ýörite metbugat brifinginiň barşynda Eýranyň çäginden çykýan rus raýatlary üçin howpsuz ugry guramakda beren uly goldawy üçin Türkmenistanyň häkimiýetine minnetdarlyk bildirdi. Bu barada «TASS-yň» maglumatyna salgylanýan «Türkmenistan Habarlar portaly» habar berýär.
Diplomat Aşgabadyň logistikada «ýokary goldaw» berendigini we rus raýatlaryna hakyky dostlukly garaýyş görkezendigini nygtady. Zaharowanyň aýtmagyna görä, dolanan raýatlaryň özleri hem türkmen tarapyna çuňňur minnetdarlyk sözlerini ýetirmek haýyşy bilen ministrlige ýüz tutupdyrlar. Ol şeýle özara gatnaşyklaryň iki döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydygyny belledi.
Daşary syýasat edarasynyň resmi wekili Türkmenistandan başga-da Ermenistana we Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi. Bu ýurtlar çaknyşyk zolagynda galan adamlar üçin ätiýaçlyk ugurlaryny döretmäge ýardam berdiler.
«Biziň raýatlarymyza çaknyşyk zolagyndan bökdençsiz çykmaga kömek edýän ähli ýurtlara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildiresim gelýär. Bu hiç haçan unudylmaz» diýip, Mariýa Zaharowa sözüni jemledi.