Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebitleýin direktory hanym Florens Bauer, şeýle hem UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt direktory hanym Çinwe Ogbonna bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNFPA bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini bellediler. 2026–2030-njy ýyllar üçin ÝUNFPA-nyň Türkmenistan boýunça Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem reproduktiw we enäniň saglygyny goramak, gender deňligini ilerletmek we ýaşlaryň arasynda sagdyn jemgyýetçilik kadalaryny kemala getirmek ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi.
2021-2025-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şeýle hem bu meýilnamanyň 2026-2030-njy ýyllar üçin nobatdaky tapgyrynyň işlenip taýýarlanylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirip, täze Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.