Ýene-de sanlyja günden — 19-njy sentýabrda dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsi ýene-de Aziýa yklymyna gönüger. Sebitiň iň iri sport baýramy — XX tomusky Aziýa oýunlary Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynda we onuň administratiw merkezi bolan Nagoýa şäherinde geçiriler.
«Türkmen sporty» gazetinde habar berlişi ýaly, XX Aziýa oýunlarynda çykyş edýän Türkmenistanyň wekiliýeti 57 adamdan ybarat bolar. Onuň düzümine 34 türgen, 15 tälimçi, 2 halkara derejeli emin, şeýle hem sport guramalarynyň wekilleri, sport lukmanlary, sport žurnalisti we beýlekiler girýär.
Milli ýygyndy toparymyz sportuň 8 görnüşinde medallar ugrunda bäsleşer: Sport göreşinden 6 türgen, kuraşdan 6 pälwan, agyr atletikadan 4 türgen, boksdan 5, uşudan 5, karatedodan 3 suwda ýüzmekden 3, ýeňil atletikadan bolsa 2 türgen ýaşyl Tugumyzy abraýly sport baýramynyň — tomusky Aziýa oýunlarynyň giň arenasynda parlatmak ugrunda göreşerler.
Milli ýygyndy toparymyza yklym derejesindäki bu iri sport baýramynda üstünlikli çykyş etmegi we türkmen sportunyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrjak täze ajaýyp ýeňişleri gazanmagy arzuw edýäris!
