Milli wekiliýet Bakuwda geçýän Energiýa hepdeligine gatnaşýar

MilliInfo

1-3-nji iýun aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilýän iri energetika çäresine — Energiýa hepdeligine (Baku Energy Week) «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kemal Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Bu çäre däp bolan nebit-gaz pudagy bilen bir hatarda, ýaşyl energiýa we energiýa howpsuzlygy meselelerini öz içine alýar.

Çäräniň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary K.Durdyýew bilen Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wise-prezidenti Elşad Nasyrowyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda däp bolan energetika hyzmatdaşlygynyň berkidilýändigine ýokary baha berdiler we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary babatynda käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşigiň dowamynda taraplaryň bar bolan mümkinçilikleriň hasabyna ikitaraplaýyn özara hereketleriniň dowam etdirilmegine taýýarlygy barada hem aýdylyp geçildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek hem-de amaly gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info