Ýatdan çykarylan utuşly petek ýa-da millionlaryň eýesidigini alty aýdan soň bilip galan millioner

MilliInfo

2 Oktýabr, 2025

 «Lotto 6 aus 49» atly lotoreýanyň netijeleri 29-njy martda kesgitlenipdi. Utuşly bijeleri yglan eden tarap uzak wagtlap ýeňijini tapmady. Lotoreýanyň guramaçylary ýeňijiniň şahsyýetini anyklamak üçin alty aýlap dürli söwda nokatlarynda bildirişleri ýerleşdirdiler we beýleki çeşmeler arkaly gözlediler.

Netijede, ýeňiji haýsydyr bir tötänlik arkaly ýüze çykdy. Germaniýanyň Gessen sebitiniň ýaşaýjysy howanyň salkynlap başlandygy sebäpli, ýazda şkafynda goýan paltosyny çykaran badyna jübüsinde eplenen kagyzyň bardygyny görüpdir. Bu kagyz onuň alty aý mundan öň ýatdan çykaran petegidi. Ol diňe bu lotereýany göreninden soň ummasyz serişdäniň eýesi bolandygyny bilip galypdyr. Bu petek oňa 15 million ýewrodan gowrak serişde getirdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo