Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi 2027-nji ýylda awtomobil ulagy arkaly ýük daşamak boýunça ýuridik we fiziki şahslardan arzalary kabul edip başlady. 2027-nji ýylda awtomobil ulagy arkaly ýük daşamak boýunça arzalar 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.
Arzalaryň ýygnalmagy kärhanalaryň, telekeçileriň we raýatlaryň ýük daşamak hyzmatlaryna bolan zerurlyklaryny öňünden kesgitlemäge hem-de geljek ýyl üçin pudagyň işini meýilleşdirilende garaşylýan ulag işleriniň möçberini göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýär. Bu, aýratyn-da, çig maly, enjamlary, gurluşyk serişdelerini we beýleki önümleri yzygiderli ýa-da uly möçberde daşamak zerurlygy bolan guramalar üçin möhümdir.
Arzalaryň öňünden kabul edilmegi awtoulag serişdelerini has netijeli paýlamaga we garaşylýan islegi göz öňünde tutup, ýük daşamalary meýilleşdirmäge hem ýardam edýär.
