ABŞ-nyň Maliýe ministrligi ähli täze kagyz banknotlarda Prezident Donald Trampyň golunyň ýerleşdiriljekdigini mälim etdi. Bu barada penşenbe güni yglan edildi.
Bu ädim ýurduň wezipede oturan Prezidenti bilen bagly taryhda ilkinji şeýle waka bolar. Çünki adaty ýagdaýda amerikan kagyz pullarynda döwlet Baştutanynyň däl-de, ABŞ-nyň maliýe ministriniň we gaznaçynyň goly goýulýar.
Şeýle karar Trampyň öz adyny we keşbini Amerikanyň medeni institutlarynda ebedileşdirýändiginiň nobatdaky mysalydyr. Ol ABŞ-nyň Parahatçylyk institutynyň, Kennedi adyndaky ýerine ýetiriji sungat merkeziniň we linkorlaryň (gämileriň) täze görnüşiniň, şeýle hem beýleki desgalaryň atlandyrylyşyny öz ady bilen utgaşdyrypdy.
Bu meýilnamalar Trampyň keşbini teňňelerde (monetalarda) ýerleşdirmek ugrundaky dowam edýän tagallalar bilen bir wagtda amala aşyrylýar. Umuman, şeýle ýagdaý tankytlara sebäp boldy, sebäbi federal kanun ABŞ-nyň pul birliklerinde häzirki wagtda ýaşaýan prezidentiň suratynyň şekillendirilmegini gadagan edýär.
Şu aýyň başynda sungat boýunça federal komissiýa 4-nji iýulda Amerikanyň 250 ýyllyk baýramynyň hatyrasyna Trampyň keşbi şekillendirilen 24 karatlyk altyndan ýasalan ýadygärlik teňňesiniň gutarnykly dizaýnyny hiç bir garşylyksyz tassyklady.