Aşgabatda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow hem-de Bütindünýä bankynyň (BB) wekilleri Andreý Mihnew we Indu Jon-Abraham maslahat beriş hyzmatlaryny bermek hakyndaky Ylalaşyga (RAS) gol çekdiler.
Taslamanyň maksady Türkmenistany täze halkara MHU-2025 (Milli hasaplar ulgamy) standartyna geçirmek we jemi içeri önümiň hasaplanyşyny dörebaplaşdyrmakdyr. Bu başlangyjyň býujeti 314 müň ABŞ dollaryna barabardyr (onuň 264 müňüsi Türkmenistan tarapyndan bölünip berildi, 50 müňüsi bolsa BB-niň goşandydyr). Işler ýurduň 2026–2030-njy ýyllar üçin daşary ykdysady işini ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna esaslanýar.
«Ýol kartasynyň» çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary:
Sanlylaşdyrmak we «ýaşyl» ugur: Aýlawly (sirkulýar) ykdysadyýete geçmek hem-de ulag, bilim we obasenagat toplumyny sanlylaşdyrmak boýunça maslahatlaşmalar başlandy.
Sebitleýin taslamalar: Türkmenistan «Bitewi saglyk» biologik howpsuzlyk maksatnamasyna gatnaşýar we sebit elektrik energiýasy bazaryna (REMIT başlangyjy) integrasiýa bolýar. Ýurduň makrogörkezijileri indi Bütindünýä bankynyň seljeriş neşirlerine (MPO) resmi taýdan goşulýar.
Ekologiýa we howa: Nebitgaz pudagynda metan zyňyndylaryna garşy göreşmegiň çäklerinde tehniki missiýalar geçirildi; giň gerimli grant taslamalaryny başlatmaga taýýarlyk görülýär.
Suw serişdeleri: Türkmenistan suwdan peýdalanmagy awtomatlaşdyrmak boýunça Özbegistanyň tejribesini öwrenmegi meýilleşdirýär we suw desgalaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de suwy tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça synag taslamasyna başlaýar.
Işewürlik gurşawy: Taraplar Türkmenistanyň görkezijilerini BB-niň her ýylky «Business Ready» (B-READY 2025) halkara reýtingine girizmek üçin işleri işjeňleşdirýärler.
