18-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu ýerde yzygiderli maslahatlaryň we duşuşyklaryň amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de täze bilelikdäki başlangyçlary öňe ilerletmäge ýardam berýändigi bellenildi.
Taraplar ykdysady özgertmeleri goldamak, maýa goýumlary çekmek we strategiki taýdan wajyp bolan taslamalaryny durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
