Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

MilliInfo

12 Ýanwar, 2026

Şu gün 12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşygy geçirildi.

Bu ýerde taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda sebitleýin we halkara meseleleriniň birnäçesine seredilip geçildi. Şeýle hem öň gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde 2026-njy ýylda möhüm işleri durmuşa geçirmegiň nobatdaky tapgyrlary kesgitlendi.

Diplomatlar Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara degişli meseleleriň hem üstünde durup geçdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info