6-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap döwletimiziň halkara giňişliginde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, 12-nji dekabrda uly baýramyň – Halkara Bitaraplyk gününiň bellenip geçiljekdigini aýtdy hem-de ýygnananlary we mähriban halkymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi hem-de toparyň ýolbaşçysyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet we halkara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri döwletimiziň daşary syýasatyna we halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu giňişleýin mejlisini geçirýändigi üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Mälim bolşy ýaly, daşary syýasatyň üstünlikli alnyp barylmagynda halkara diplomatiýasy, hukugy, ykdysadyýeti, žurnalistikasy we beýleki ugurlar boýunça ussat hünärmenler zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylyň 20-nji martynda açylan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurdumyzyň diplomatik işgärlerini taýýarlamakda möhüm orun eýeleýär. Geçen 17 ýylyň dowamynda bu milli diplomatiýa mekdebi ýüzlerçe hünärmenleri taýýarlady. Häzirki wagtda olar ýurdumyzyň dürli edaralarynda zähmet çekip, döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, halkara abraýynyň has-da artdyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň möhüm syýasy wakalaryň biri bolandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda möhüm ähmiýetli halkara çäreleriň geçirilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň ykrarnamasyna öwrülen wakalara ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz geljek 2026-njy ýylda ýurdumyzyň daşary syýasat we diplomatiýa işiniň esasy wezipesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen kararnamalary öňe sürmek we durmuşa geçirmek bolup durýandygyny belledi.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasy örän giň gerimli köp sanly ugurlary öz içine alýar. Geljek ýylda hem Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejelerde öz hyzmatdaşlygyny berkitmegi dowam eder.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geljek ýylda hem köp sanly halkara çäreleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. 2026-njy ýylda ýurdumyzyň baş baýramyny — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuny giňden belläp geçeris, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VIII konsultatiw duşuşygy Türkmenistanda geçiriler, geljek ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk eder, ýurdumyzda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz halkara giňişliginde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň uly işleri alyp barjakdygyna berk ynam bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky» Karara, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlaryny hem-de daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakyndaky resminamalara gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany A.Ataýewa söz berildi.
Bellenilişi ýaly, tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine dünýäniň halklary we döwletleri bilen oňyn hem-de dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň yzygiderli amala aşyrylýandygyny we döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygyny aýdyň görkezdi.
Hormatly Prezidentimiziň Baş Assambleýanyň belent münberinden eden çuň many-mazmunly çykyşynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, köptaraplaýyn ynsanperwer we halkara hukuk hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly möhüm ugurlar boýunça anyk teklipler we başlangyçlar öňe sürüldi.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekiliniň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüşi gazanmak hem-de halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmek ugrunda öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça hem degişli işler amala aşyryldy.
2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Baş Assambleýa tarapyndan Türkmenistanyň 2026 — 2028-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy halkara ykdysady ugurda gazanylan üstünlikleriň biri boldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýtdy.
Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem ýurdumyzda ýeten belent sepgitlerimiziň, gazanan üstünliklerimiziň jemi jemlenýär. Şoňa görä-de, bu kitap mähriban halkymyza sowgat bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlary hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk we mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
***
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soňra, «Oguz han» köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Hökümet agzalaryna, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň häkimlerine «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.
