Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

MilliInfo

25-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň agzalaryna ýüzlenip, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsiniň geçilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 247 raýatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy ykdysady, syýasy, medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döwletimiziň halkara başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle-de Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň meseleleri boýunça okuw sapaklarynyň geçirilendigi aýdyldy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk senesine, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna, onuň çäklerinde guraljak parlament forumyna taýýarlyk görlüşi barada-da aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň täze işlenip taýýarlanylýan kanunlarda öz beýanyny tapmalydygyna, şoňa görä-de, döwrüň talap edýän täze kanun taslamalaryny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi. H.Geldimyradow 2025-nji ýylda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlary, hususan-da, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hasabaty ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň hasabatynda ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibini tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli taryhy-medeni mirasyň gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagy, döwlet tarapyndan goralmagy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2025-2026-njy täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Bu ýerde halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, degişli teklipler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we olara döwrebap çözgütlere esaslanýan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu gün Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu aýdaky soňky mejlisiniň geçirilýändigini, 1-nji awgustdan başlap oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylaryň zähmet rugsadynyň başlanýandygyny aýtdy. Şeýle-de ýolbaşçylaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyny berkidip, dynç alyp biljekdikleri bellenildi. «Halkara çäreleriň geçýändigi bilen baglylykda, käbir ýolbaşçylar zähmet rugsady döwründe guramaçylyk işine hem gatnaşarlar» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylaryň ählisine zähmet rugsady döwründe gowy dynç almagy arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo