Türkmenistan we Somali bilelikdäki gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýär

MilliInfo

13-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Somali Federatiw Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Aliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda ministr Abdisalam Abdi Ali türkmen tarapyny Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady.

Taraplar iki ýurduň arasynda özara bähbitli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellediler. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara we pudagara gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýändigi nygtaldy.

Bu ýerde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň, şeýle hem şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Söhbetdeşler döwletleriň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Global parahatçylyk we durnukly ösüş meselelerine Türkmenistan bilen Somaliniň çemeleşmeleriniň meňzeşdigi bellenildi.

Ministr Abdisalam Abdi Aliniň häzirki saparynyň Türkmenistan bilen Somaliniň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info