Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
Çärä Belarus Respublikasynda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri hem-de Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew geçen döwürde Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň diňe bir ýurduň milli özboluşlylygynyň we özygtyýarlylygynyň özeni bolman, eýsem, sebitleýin dialogy ösdürmek, Merkezi Aziýada we beýleki ýurtlarda durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek üçin hem täsirli gurala öwrülendigini belledi.
BMG-niň Belarus Respublikasyndaky Ýörite utgaşdyryjysy Rasul Bagirow Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine goşýan goşandyna baha berip, bitaraplyk syýasatynyň dünýä derejesinde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmekde özboluşly ähmiýete eýedigine ünsi çekdi.
GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary N.Seýtimow öz çykyşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde durnuklylygy we goşulyşmak proseslerini güýçlendirmek üçin Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň möhümdigini nygtady.
Maslahatyň medeni maksatnamasynyň çäginde wideoşekiller görkezildi, türkmen dilinde aýdymlar ýerine ýetirildi we surat sergisi guraldy.