«Belavia» awiakompaniýasy 11-nji awgustdan Minskden Türkmenbaşy şäherine göni howa gatnawlaryny dikeldilýändigini habar berdi.
9-njy awgustda soňky uçuşlar häzirki wagta çenli howa gatnawlaryny kabul edýän Balkanabat şäherine amala aşyrylar. Balkanabat Halkara howa menzili Türkmenbaşyndan 155 kilometrlik uzaklykda ýerleşip, 20-nji maýdan bäri uçuşlary kabul edip gelýär. 11-nji awgustdan bolsa göni uçuşlar Belarusyň paýtagty bilen Türkmenbaşy şäheriniň arasynda ýolagçy aragatnaşygyny döreder.
Häzirki wagtda «Belavia» awiakompaniýasynyň resmi web-saýtynda Türkmenbaşy şäherine bolan göni uçuşlara petekleri satyn almak mümkinçiligi döredildi.

