Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Muroosystems Corporation» kompaniýasy maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek we döwrebaplaşdyrmak ugrunda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdi.
Ylalaşyk sanly düzüm ulgamynda halkara standartlaryna laýyklykda we döwrebap tehnologik çözgütleri ulanmak arkaly, ýurduň çäginde täze data-merkezlerini gurmak boýunça bilelikdäki işleri göz öňünde tutýar.
Taraplar desgalaryň taslamasyny düzmek tapgyrynda hem-de olaryň soňraky ulanylyşygy barşynda innowasion çemeleşmeleri peýdalanmagy meýilleşdirýärler. Ylalaşygyň taraplarynyň garaşmagyna görä, bu şertnamalaryň durmuşa geçirilmegi respublikanyň IT-düzümini berkitmäge, maglumatlary saklamak we işläp taýýarlamak üçin kuwwatlyklary giňeltmäge, şeýle hem ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.