Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde Türkmenistanda mikroblara garşy dermanlara durnuklylyk babatda epidemiologik gözegçilik boýunça Gollanmanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň, Döwlet arassaçylyk-epidemiologiýa gullugynyň, degişli ylmy-kliniki we lukmançylyk merkezleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar resminamanyň üstünde toparlaýyn iş alyp baryp, epidemiologik gözegçiligiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, tehniki bellikleri girizdiler hem-de milli ileri tutulýan ugurlary nazara almak bilen, edaralaryň jogapkärçilik çäklerini anykladylar.
Çäre «Ýeke-täk saglyk» çemeleşmesiniň çäklerinde geçirildi. Bu konsepsiýa mikroblara garşy derman serişdelerine durnuklylyk babatda gözegçilik etmekde pudagara hyzmatdaşlygyň zerurdygyny nygtaýar. Gollanmanyň işlenip taýýarlanylmagy mikroblara garşy derman serişdelerine durnuklylyga gözegçilik etmek boýunça ulgamlaýyn çemeleşmäni kemala getirmäge, maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga we jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda has esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berer.
