Halkara kitap ýarmarkasy «KIDS EXPO 2026-nyň» gyzykly bölümleriniň birine öwrüler

MilliInfo

12 Awgust, 2026

Halkara kitap ýarmarkasy «KIDS EXPO 2026-nyň» gyzykly bölümleriniň birine öwrüler

Kitaplar we çagalar üçin interaktiw sapaklar – halkara kitap ýarmarkasy «KIDS EXPO 2026-nyň» iň gyzykly bölümleriniň birine öwrüler.

19-22-nji awgust aralygynda çagalara we ululara niýetlenen giňişleýin kitap meýdançasy garaşýar. Bu ýerde täze neşirler bilen tanyşmaga, maşgala üçin kitaplary saýlamaga we edebi çärelere gatnaşmaga mümkinçilik dörediler.

Ýarmarkada çagalar, ene-atalar we tutuş maşgala üçin dürli dillerde kitaplaryň giň toplumy hödürlener. Olaryň arasynda çeper edebiýat, bilim we öwrediji neşirler, çagalary terbiýelemek we ösdürmek boýunça kitaplar, şeýle hem maşgala bolup okamak we öz-özüňi kämilleşdirmek üçin edebiýatlar bolar.

Kitap ýarmarkasyna kitaphanalar, kitap dükanlary, şeýle-de halkara medeni guramalar – Fransuz instituty we Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet merkezi gatnaşar. Olaryň gatnaşmagy gelýänlere dürli edebi däp-dessurlar, diller we medeniýetler bilen tanyşmaga, şeýle hem dürli ýurtlaryň täze neşirlerini we eserlerini görmäge şert döreder.

Kitap bölümi diňe bir kitap söýüjiler üçin däl, eýsem ähli myhmanlar üçin gyzykly bolar. Gelýänler täze neşirler bilen tanyşyp, kitap satyn alyp we çagalar üçin niýetlenen interaktiw oýunlara gatnaşyp bilerler. Ýaş myhmanlar üçin edebi okaýyşlar, wiktorinalar, öwrediji oýunlar we beýleki çäreler meýilleşdirilýär. Bular kitap bilen tanyşlygy gyzykly we ýatda galyjy wakanyň öwrülmegine ýardam eder.

Maşgala bolup okamak medeniýetine we çagalaryň hem-de ýetginjekleriň edebiýata bolan höwesini artdyrmaga aýratyn üns berler. Ene-atalar çagalary üçin kitap saýlap, çaganyň terbiýesi we ösüşi baradaky edebiýatlar bilen tanyşyp, şeýle-de özleri üçin hem neşirleri tapyp bilerler.

Halkara kitap ýarmarkasy kitaplary, bilimi, döredijiligi we maşgala dynç alyşyny birleşdirýän «KIDS EXPO 2026-nyň» medeni-bilim maksatnamasynyň möhüm bölegi bolar.

«KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda geçiriler.

Serginiň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Turkmen Expo» kompaniýasy çykyş edýärler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info