2023-nji ýylyň 20-nji dekabrynda döredilen «Miras» dükany arassa zergärçilik işleriniň iň kaşaň hem kämil nusgalaryny hödürleýär. Gymmat bahaly tebigy daşlardan, ýagny — malahitden, ýaşmadan, mermerden hem-de nefritden taýýarlanan ajaýyp önümler ýakynlaryňyz üçin gaýtalanmajak sowgat bolar. Ýene bir aýratyn bellenilmeli zat, bu ýerde taýýarlanýan el işleriniň ählisiniñ metal bölegine 24 karat altyn çaýylýar. Bu bolsa sowgatlaryň gymmatyny artdyrýar.

Ine, bu gün bolsa ýurdumyzyň gözel künjeginde — «AşgabatMol» ady bilen tanalýan «Aşgabat» söwda we medeni dynç alyş merkeziniň birinji gatynda ýerleşýän «Miras Premium» hem-de «Miras Jewellery» dükanlarynyň açylmagynyň 2 ýyllygy bellenilýär. Ajaýyp şaý-sepler, gymmat bahaly sowgatlyk üçin niyetlenen el ișler hem-de beýleki önümler dükanda guralan ajaýyp gurşawyň üstüni ýetirýär.

Eger, bu ajaýyp dükana heniz gelip görmedik bolsaňyz ýa-da uzakda ýaşaýandygyňyz sebäpli gelip bilmejek bolsaňyz hem gynanmagyň geregi ýok. Çünki «Miras» dükany zergärçilik toparynyň zergärleriniň ellerinden çykan ajaýyp işleri — sagatlary, şol sanda stol, otag hem-de diwar sagatlaryny, bezeg hökmünde taýýarlanan küşt tagtalarynydyr mallary, narda (şeşepeş) oýnunyň tagtasyny hem çöplerini, pyçaklaryň, gylyçlaryň, kagyz kesiji önümleriň, şeýle-de Yslamyň mukaddes kitaby bolan Gurhanyň, tesbileriň, metjitleriň ajaýyp şekillerini, galyberse-de, gap-gaçlaryň bezegli nusgalaryny diňe Türkmenistanyň çägine däl, eýsem, dünýäniň islendik künjegine eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmat gymmat bahaly şaý-seplere hem degişli.

Dükanyň zergärçilik toparynyň wekilleri elde ýasaýan ajaýyp işlerinde, şaý-seplerinde hem-de sowgatlyk önümlerinde kümüşden, zergärçilik latundan, dag tebigatynda duşýan gymmatly metallardandyr daşlardan, şeýle-de agaçdan peýdalanýarlar. Bu işde berk önümler ulanylýar.

«Miras Premium» tarapyndan hödürlenýän önümler ýakynlaryňyz, dost-ýarlaryňyz hem-de dogan-garyndaşlaryňyz üçin ajaýyp täze ýyl sowgady bolar. Gymmat bahaly hem «eksklýuziw» sowgatlar Täze ýyl baýramyny ýakynlaryňyzyň hakydasynda ebedi orun aljak senä öwrer. Ajaýyp dükanda hödürlenýän gymmatly sowgatlaryň bahalarynda ylalaşyklaryň hem oňşuklaryň boljakdygyny-da ýatladýarys.

Salgysy: «Aşgabat» söwda we medeni dynç alyş merkezi, 1-nji gat, C-1. 73B.
Instagram: @miras.premium1; @miras.jewellery1
Tiktok: @miras.premium; @miras.jewellery1
Telefon belgisi: +993 63 37 48 59
