Dünýä döwletleriniň baştutanlary Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar. Gutlag hatlarynda iň gowy arzuwlar beýan edilýär:
Hormatly Prezident, gadyrly doganym!
Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we Size hem-de ýakynlaryňyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edýärin.
Halklarymyzyň umumy dil, taryh we medeni köklerine daýanýan gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda has-da pugtalandyrylýandygyna buýsanýaryn. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňizi doglan günüňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, ýurduňyzyň gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk, bagtyýarlyk arzuw edýärin.
Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.
***
Hormatly jenap Prezident!
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Biziň aramyzda ýakynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikden soňra, Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir. Biziň telefon arkaly söhbetdeşligimiziň dowamynda biragyzdan belleýşimiz ýaly, 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri Koreýa Respublikasy we Türkmenistan dürli ulgamlarda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýärler. 2008-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandan soňra, hyzmatdaşlygyň gerimi has-da giňeldi we çuňlaşdyryldy. Koreýa Respublikasynyň Merkezi Aziýadaky esasy hyzmatdaşy bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň geljegi nazarlap, has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.
Şeýle hem Size Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere goşant goşmaga gyzyklanma bildirýän koreý kompaniýalaryna goldaw berýändigiňiz üçin hoşallyk sözlerini beýan edýärin. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylda Koreýa Respublikasynda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa» sammitiniň çäklerinde Siziň bilen duşuşmak hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Jenap Prezident, Size berk jan saglyk, Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin!
Pursatdan peýdalanyp, Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşniýetli arzuwlarymyzy we mähirli salamymyzy ýetirmegi haýyş edýärin.
Li Çže MÝON,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.
***
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we ýurduňyzyň halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Häzirki wagtda täjik-türkmen gatnaşyklarynyň dostluk we köpugurly hyzmatdaşlyk esasynda ähli ulgamlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigine şatdyryn. Pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge, ýurtlarymyzyň strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlarda biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine has-da ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Hormatlamak bilen,
Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ýurduňyz halkara giňişlikdäki ornuny has-da berkitmek hem-de türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny aýawly saklamak bilen, ynamly öňe barýar.
Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara ynama esaslanýan hem-de bilelikdäki ösüşe daýanýan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýärin. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň biziň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Sadyr ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.
***
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Azerbaýjan-türkmen hyzmatdaşlygy gadymy döwürlerden bäri dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklap, birek-biregi goldap ýaşap gelen halklarymyzyň hoşniýetli erk-islegine esaslanýar. Döwletara gatnaşyklaryň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynanýaryn.
Şu şatlykly günde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň döwlet Baştutany wezipesinde alyp barýan asylly işleriňiziň dostlukly Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösüşini we abadançylygyny üpjün etjekdigine ynanýaryn.
Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Aleksandr LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.
***
Siziň Alyhezretiňiz!
Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistanda halkyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmegine hem-de halkara giňişlikde abraýynyň belende göterilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.
Ermenistanda Türkmenistan bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýär. Bilelikdäki tagallalar arkaly biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň halklarymyzyň bähbidine doly durmuşa geçiriljekdigine ynanýaryn.
Size berk jan saglyk, jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Waagn HAÇATURÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

