2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň bije çekiliş dabarasy şu gün — 5-nji dekabrda Waşingtonda geçer. Başlanýan wagty — Aşgabat wagty bilen 20:00.
Ajaýyp dabara hakyky şowhun hökmünde
Bu çäre diňe bir sport wakasy bolman, eýsem, üç sagada çeken doly güýmenje görnüşindäki şowhunly sahnanyň, hakyky tomaşanyň şöhlelendirmesine öwrüler. Dabarany meşhur şahsyýetler alyp barar: nemes super modeli we telealypbaryjy Haýdi Klum, amerikan aktýory Kewin Hart hem-de prodýuser Denni Ramires.
Myhmanlaryň arasynda dünýäniň belli aýdym-saz ýyldyzlary hem bar: italýan tenory Andrea Boççelli, britan aýdymçysy Robbi Uilýams we «Pussycat Dolls» toparynyň öňki solisti Nikol Şerzinger. Olar ABŞ-nyň iň abraýly medeni merkezleriniň birinde geçiriljek baýramçylyk maksatnamasynyň aýrylmaz bölegi bolar.

Bije çekişlige gatnaşyjylaryň hatarynda meşhur türgenler hem bar: Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Rio Ferdinand, Supeboulyň ýedi gezek ýeňijisi Tom Bredi, «Nýu-Ýork Ýankis» klubunyň wekili Aaron Jaj, Stenli Kubogyny bäş gezek alan Ueýn Gretski hem-de NBA-niň dört gezek çempiony Şakil O’Nil. Şeýle-de sahna çykjaklaryň arasynda FIFA-nyň prezidenti Janni Infantiono we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem bar.

Futbol baýramçylygyna gatnaşyjy ýurtlar
Häzire çenli 48 ýygyndydan diňe 42-siniň kesgitlenendigine garamazdan, bije çekişlik dabarasy öz wagtynda geçiriler. Şeýlelikde, nobatdaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek dört ýygyndydan ybarat 12 toparça bolar, toparlaryň sebetleri bolsa eýýäm FIFA tarapyndan tassyklanyldy:

1-nji sebet: Kanada, Meksika, ABŞ, Ispaniýa, Argentína, Fransiýa, Angliýa, Braziliýa, Portugaliýa, Niderlandlar, Belgiýa, Germaniýa.
2-nji sebet: Horwatiýa, Marokko, Kolumbiýa, Urugwaý, Şweýsariýa, Ýaponiýa, Senegal, Eýran, Koreýa Respublikasy, Ekwador, Awstriýa, Awstraliýa.
3-nji sebet: Norwegiýa, Panama, Müsür, Alžir, Şotlandiýa, Paragwaý, Tunis, Kot-d’Iwuar, Özbegistan, Katar, Saud Arabystany, Günorta Afrika.
4-nji sebet: Iordaniýa, Kabo-Werde, Gana, Kýurasao, Gaiti, Täze Zelandiýa we pley-off tapgyryndaky ýeňşi esasynda gatnaşjak alty ýygyndy.
Galan alty ýygyndy 2026-njy ýylyň ýazynda 22 toparyň arasyndaky tapgyryň esasynda kesgitlener: şolardan 16-sy Ýewropa pley-off oýunlarynda, 6-sy bolsa yklymara (interkontinental) tapgyrda güýç synanyşar.
Ýewropa boýunça duşuşyklar (kiçi ýaryşlar):
«A» ugry: Italiýa — Demirgazyk Irlandiýa / Uels — Bosniýa we Gersegowina
«B» ugry: Ukraina — Şwesiýa / Polşa — Albaniýa
«C» ugry: Türkiýe — Rumyniýa / Slowakiýa — Kosowo
«D» ugry: Daniýa — Demirgazyk Makedoniýa / Çehiýa — Irlandiýa
Ýarymfinallar 2026-njy ýylyň 26-njy martynda, finallar bolsa 31-nji martynda geçiriler. Birinji oýunlaryň ýer eýeleri FIFA reýtingi esasynda kesgitlenendir.
Yklymara duşuşyklar 2026-njy ýylyň 23 — 31-nji marty aralygynda Meksikada (Gwadalahara we Monterreý) geçiriler. Gatnaşyjylar:
DR Kongo / Täze Kaledoniýa — Ýamaýka duşuşygynyň ýeňijisi
Yrak / Boliwiýa — Surinam duşuşygynyň ýeňijisi
Bije çekişligi nireden görüp bolýar?
Bijeleriň çekiliş dabarasy «Match TV» teleýaýlymynda, «Okko» platformasynda, şeýle hem FIFA-nyň we UEFA-nyň resmi saýtlarynda elýeterli bolar.
Dünýä çempionaty 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýulyna çenli ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler.