Russiýaly tennisçi Mirra Andreýewa «Rolan Garros — 2026» ýaryşynyň çempiony boldy

MilliInfo

2 sagat öň

19 ýaşly russiýaly türgen Mirra Andreýewa «Rolan Garros — 2026» ýaryşynyň finalynda polşaly Maýa Hwalinskany 6:3, 6:2 hasabynda ýeňip, XXI asyrda Fransiýanyň açyk çempionatynyň iň ýaş çempiony boldy.

Mirra Andreýewadan ozal «Rolan Garros» ýaryşynyň Kubogynyň iň ýaş eýesi amerikan tennisçisi Monika Seleş bolup, ol 1990-njy ýylda 17 ýaşynda nemes türgeni Şteffi Grafy 7:6 (8:6), 6:4 hasabynda ýeňmegi başarypdy.

Mirra dünýä reýtinginde sekizinji ýerden altynjy orna çykdy, «WTA-nyň» Çempionlyk ýaryşynda bolsa ol häzir birinji orny eýeleýär.

Bu üstünlik russiýaly tennisçi zenanlar üçin «Uly tuwalga» ýaryşlarynda dördünji ýeňiş boldy. Mundan ozal, Mariýa Şarapowa, Swetlana Kusnesowa we Anastasiýa Myskina ýeňiş gazanypdylar. Bu netije 2014-nji ýyldan bäri russiýaly zenanlaryň «Uly tuwalga» ýaryşlarynda ýekelikdäki gazanylan ilkinji Kubogydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info