«Mitsubishi» kompaniýasy «Delica Mini» kysymly keý-karynyň täze neslini görkezdi. 2023-nji ýylda satuwa çykarylyp, tiz wagtdan bestseller bolan bu ulag ilkinji gezek täzelendi. Täzelenme onuň daşky keşbine we tehniki aýratynlyklaryna degişli birnäçe üýtgetmeleri öz içine alýar.
Ilkinji görnüşinde bolşy ýaly, täze «Delica Mini» hem «eK Space» atly keý-weniň binýadynda döredilipdir. Ulag ozalky stili bilen tapawutlanýar, şeýle-de has giň we rahat salon bilen üpjün edilipdir.
Awtoulagyň bamperlerine gorag plastinalary ýerleşdirilipdir, radiator gözenekleri täze dizaýnda ýerine ýetirilipdir, ýöne çyralar öňküsi ýaly ýarym tegelek gündiz yşyklandyryş aýratynlyklaryny saklap galypdyr.
Ulagyň öňki sütüniň burçunyň üýtgedilmegi bilen öň tarapyndaky aýnanyň ýokarky bölegi 10 sm süýşürilipdir, bu bolsa sürüji üçin niýetlenen meýdanyň giňelmegine mümkinçilik berýär.
Salon paneli öňki nesilden düýpli tapawutlylykda, täze stil bilen işlenilip, 7 dýuýmlyk sanly enjamlar paneli we 12,3 dýuýmlyk multimediýa ekrany bilen utgaşdyrylypdyr.
Täze «Delica Mininiň» güýç ulgamynda (motor we transmissiýa) öňki nesil bilen meňzeşlik saklanyp galýar, ýöne belli bir derejede täzeden işlenipdir.
Onuň güýç aýratynlyklary entek resmi taýdan yglan edilmedi, ýöne ilkinji nesliň atmosferaly nusgasyndaky hereketlendirijisi 52 at güýjünde, turbina bilen enjamlaşdyrylan görnüşi bolsa 64 at güýjünde bolupdy.
Täzeden işlenip düzülen «Mitsubishi» ykjam awtoulagy birnäçe aýyň dowamynda satuwa çykarylar.