«Mitsubishi» kompaniýasy ýolsuz ýerde hereket edýän meşhur «Pajero Sport» modeliniň täze nesliniň tanyşdyrylyşyna taýýarlyk görýär. Täze modeliň häzirki wagtda öndürilýän «L200/Triton» pikapynyň ýolsuz ýerde hereket edýän görnüşi hökmünde hödürlenmegine garaşylýar.
Model 10 ýylyň dowamynda birnäçe gezek täzelenipdi, emma bäsdeşleri bilen deňeşdirilende, könelişen dizaýny bilen galýardy. Geljek ýyllarda «Pajero Sport» täze nesle geçer we onuň özboluşly dizaýny öňkülerden düýpli tapawutlanar.
«Top Gear» portalynyň Filippinlerdäki ofisi bilen hyzmatdaşlyk edýän sanly suratkeş Andýu Guerrero täze «Pajero Sport» modeliniň Aziýa bazary üçin niýetlenen «Destinator» atly tygşytly krossoweriň käbir dizaýn aýratynlyklaryny özünde jemlejekdigini çaklaýar.
Täze modeliň göwrümi ulalyp, onuň çarçuwa gurluşy häzirki nesil «Mitsubishi L200/Triton» pikapynda ulanylýan platforma bilen birmeňzeş bolar. Täze «Pajero Sport» nusgasynyň hereketlendiriji ulgamy hem şol model bilen umumy bolup biler. Bu bolsa ulagda «L200/Tritonda» ulanylýan 2,4 litrlik turbodizel 4H16 hereketlendirijisiniň peýdalanylyp, onuň güýç gurluşyna baglylykda:
150 at güýji (330 Nm),
184 at güýji (430 Nm),
ýa-da 204 at güýji (470 Nm) kuwwat ölçeglerinde hödürlenip biljekdigini aýan edýär.
Täze nesilde şeýle hem gibrid ulgamynyň ornaşdyrylmagyna garaşylýar. Bu bolsa hereketlendiriji güýjüni elektrohereketlendiriji arkaly artdyrmaga mümkinçilik berer.
Täze Mitsubishi «Pajero Sport» modeliniň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşy 2026-njy ýylyň ahyryna çenli geçiriler.




