Mizan döwri başlandy: Gyş bilen tomsuň arasyndaky terezi hasaplanýan döwürde gije uzap, gündiz gysgalyp başlaýar

MilliInfo

2 sagat öň

Mizan döwri başlandy: Gyş bilen tomsuň arasyndaky terezi hasaplanýan döwürde gije uzap, gündiz gysgalyp başlaýar

Ata-babalarymyz her bir ekiniň ekilýän döwrüni tebigatdaky ýagdaýlara görä kesgitläpdirler. Soňra bu barada pähim-paýhasa eýlenen söz düzümlerini öz nesillerine galdyrypdyrlar. «Mizanda ekseň ekini, ýere urar köküni...» diýen aýtgy muňa anyk mysal bolup biler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde gazetinde çap edilen «Mizan — güýzlügiň ekilýän döwri» atly makalada beýan edilýär.

«Mizan» sözi «terezi» diýen manyny berip, ol 23-nji sentýabrdan 22-nji oktýabra çenli aralygy öz içine alýar. Bu döwre «Mizan» diýilmeginiň ýene-de bir sebäbi hut şu döwürde gije bilen gündiz deňleşip, soňra gije uzap, gündiz gysgalyp başlaýar. Bu bolsa ekilen bugdaýyň gögerip çykmagy üçin amatly şertleri emele getirýär. Gündizlerine howa 30 — 35 derejä çenli gyzyp, ekiniň çalt gögermegini üpjün etse, gijelerine bolýan çigrek we goýy çyg ekini nemlendirýär. Şonuň üçin bu döwürde topraga taşlanan tohumyň tas ählisi gögerip çykýar. Maýsalar gyşa çenli topraga gowy ornaşyp, gyşda iýmitlener ýaly ýokumlary öz köküne ýygnaýar. Şonuň üçin-de gyş näçe gazaply gelse-de, bugdaý maýsalary ytygsaman ösüp oturýar.

Mizan ýyldyzlar topary Üçýyldyza meňzeş bolýar, ýöne olar dogýan we ýaşýan wagtlary boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Ata-babalarymyzyň «Mizan» diýip atlandyrýan esasy ýyldyzlar toplumy Ýaldyragyň aşagynda ýerleşen 4 sany has ýagty ýyldyzlardyr. Aşakdaky iki ýyldyz türkmenleriň gadymy el terezisiniň iki okarasyna, ýokarsyndaky iki ýyldyz bolsa tereziniň deňlenýän ýerine we tutawajyna meňzedilýär.

Mizan döwründe, göýä, tomsuň bir güni galan ýaly yssy günler hem bolýar. Oňa derek gijelerine howa çigreýär, sowaýar. Käbir ýyllarda Türkmenistana arktiki sowuk howa akymynyň aralaşmagy bilen, oba hojalyk ekinlerini sowuk urýar. Şonuň üçin «Durna geçse, duluňy ýap, gaz geçse — gapyňy» diýen atalar sözüni döredipdirler. Garynjadyr mör-möjekler hem bu döwürde hereketlerini haýalladýarlar we gyşa taýýarlyk görüp başlaýarlar. Mizan gyş bilen tomsuň arasyndaky terezä çalym edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info