Aşgabatdaky grepling we MMA klubunyň ýaş türgenleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dikeldiş okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler. Bu çäre olaryň möhüm ýaryşlardan soň fiziki hem-de ruhy taýdan özlerini taplamaklarynda möhüm ähmiýete eýedir. Hazaryň kenaryndaky türgenleşikler klubuň tälimçisi, MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşinden halkara ýaryşlaryň ikisiniň ýeňijisi bolmagy başaran Soltan Pirgulyýewiň ýolbaşçylygynda alnyp barylýar.
Deňziň jana şypaly howasynda geçilýän türgenleşikler arkaly kämilleşýän topara 20 adam wekilçilik edýär. S.Pirgulyýewiň şu ýerde taplanýan şägirtleriniň arasynda Türkmenistanyň Hanmudo söweş sungaty federasiýasynyň türgenleriniň hem bardygyny bellemek gerek.
— «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky türgenleşiklerimiz öňde boljak ýaryşlara ykjam taýýarlyk görmegimiz üçin möhüm şert bolup, ol toparymyzyň ýaşlaryny uly ýeňişlere ruhlandyrýar. Çünki açyk howada geçýän taýýarlyk işlerimiz türgenleşiklerimiziň oňyn netijeleri bermegine täsirini ýetirýär. Munuň özi ýaşlarymyz üçin derwaýys dikeldiş çäresidir — diýip, tälimçi Soltan Pirgulyýew gürrüň berýär.
Geçen ýyl Özbegistanyň Andižan şäherinde geçen MMA we grepling boýunça dünýä çempionatynyň medallaryndan çemen baglamagy başaran toparyň wekilleri geljekde hem halkara we dünýä derejesindäki ýaryşlarda uly üstünliklere eýe bolup, ýaşyl Tugumyzy belentde parlatjakdyklaryna ynandyrýarlar.




