Penşenbe güni — 4-nji sentýabrda meşhur modelýer Jorjio Armani 91 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada «Armani Group» kompaniýasy habar berdi. Habarda kompaniýa rowaýata öwrülen şahsyýeti özüniň «döredijisi, esaslandyryjysy we hiç bir zat bilen deňäp bolmajak hereketlendiriji güýji» hökmünde görkezýär.
«Jorjio Armani ömrüniň soňky gününe çenli zähmet çekmek bilen, öz ýakynlarynyň arasynda dünýäden ötdi. Ol moda dünýäsiniň öňbaşçysy hökmünde öz dünýägaraýşyny durmuşyň ähli ugurlaryna siňdirdi» — diýlip, toparyň beýanatynda aýdylýar.
Kompaniýa ýarym asyrlyk taryhynda özboluşlylyk aýratynlyklaryny, garaşsyzlyk gymmatlyklaryny saklamagyny dowam etdirdi. Jorjio Armaniniň maşgalasy we kompaniýanyň wekilleri onuň ruhuny gorap saklamaga çalşarlar.
Ýaşynyň bir çene barandygyna garamazdan, Jorjio Armani moda dünýäsini haýran galdyrmagyny dowam etdi. Awgustyň ahyrynda Wenesiýa kinofestiwalynyň ajaýyp gurşawynda moda öýüniň arhiwlerine bagyşlanan täze platformasyny açdy we ÝUNISEF-i goldamak maksady bilen, agşamlyk naharyny gurady. Şol bir wagtyň özünde hem, Italiýanyň «Ýuwentus» futbol klubunyň täze resmi toplumy üçin şertnama gol çekdi.

