Şu gün AFK Çempionlar ligasy — 2-niň «B» toparçasynda çykyş edýän ýurdumyzyň «Arkadag» futbol kluby yklymyň arzyly klub ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny geçirýär. Türkmen kluby Arkadag şäherindäki «Arkadag» stadionynda Özbegistan Respublikasynyň «Andijan» toparyny kabul edýär.
Oýun şu gün — 17-nji sentýabrda sagat 18:45-de başlanýar.
Ýeri gelende bellesek, düýn Arkadag şäherinde bu duşuşygyň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de klublaryň wekilleri bilen metbugat maslahaty geçirildi.
Bu ýerde toparlaryň meýdança çykjak lybaslarynyň görnüşi tanyşdyrylyp, resmi taýdan tassyklanyldy. Şunlukda, «Arkadag» stadionynda geçiriljek duşuşyga «Arkadag» futbol topary ak reňkli köýnekçede, «Andijan» bolsa gyzyl köýnekçede çykar.
Metbugat maslahatynda bolsa iki toparyň wekilleri hem žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.
«Tälimçimiziň ýola goýan taktikalaryny oýna geçirmäge synanyşarys we garaşýan netijämizi almaga çalşarys» — diýip, maslahatda çykyş eden «Arkadag» toparynyň futbolçysy Mirza Beknazarow belledi.
Duşuşygyň başlanmagyna az wagt galdy. Türkmen toparyna bilelikde janköýerlik edeliň!
Ýeňiş ýaranyňyz bolsun, «Arkadag» toparynyň futbolçulary!