29-njy iýulda Türkmenistanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň 35 talyby Aşgabatda «Ýaşlaryň howa, howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça gepleşiklere gatnaşmagy: ÝHHG-nyň öňdebaryjy tejribeleri» atly seminara gatnaşdy. «ÝUNISEF-2025» atly ýaşlaryň howa boýunça tomusky mekdebiniň çäginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan seminar ýaşlaryň diplomatiýa we gepleşik ukyplaryny ösdürmegi üçin möhüm platforma öwrüldi.
Bu diňe bir sapak däl — hakyky beýni işjeňliginiň möhüm bölegi boldy. Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň, Halkara nebit-gaz uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw mekdepleriň talyplary «COP30» üçin ýaşlar beýannamasyny taýýarlamak üçin bilelikde işlediler. Bu resminama global howanyň gün tertibine goşant bolar.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Uilliam Lif: «Ýaşlaryň sesi ýöne bir gerek bolman, eýsem, diýseň möhümdir» — diýip, belledi. «ÝHHG sebitinde daşky gurşawa degişli başlangyçlara ýaş zenanlar we erkekler ýolbaşçylyk edýärler, howanyň üýtgemeginde durnuklyly innowasiýalaryny durmuşa geçirýärler we degişli jemgyýetlerde netijeli gepleşikleri alyp barýarlar» — diýip, merkeziň ýolbaşçysy sözüniň üstüni ýetirdi.
Seminara Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän ÝHHG-niň Merkezi Aziýadan «Parahatçylyk üçin ýaş zenanlar» maksatnamasynyň finalçylary ýolbaşçylyk etdi. Olar howa, suw we howpsuzlyk gepleşiklerinde ýaşlaryň tutýan ornuny ara alyp maslahatlaşdylar, Merkezi Aziýanyň global hyzmatdaşlykdaky ornuny bellediler. Gatnaşyjylar howanyň, suwuň we howpsuzlygyň arasyndaky baglanyşyklary öwrendiler we amaly gepleşik gurallaryny özleşdirdiler.
Netijede, howanyň howpsuzlygynyň, gender deňliginiň we sebitleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny görkezýän ýaşlar beýannamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminama türkmen ýaşlarynyň sesiniň dünýä arenasyndaly ornunyň görkezijisi bolup, «COP30-a» hödürlemek üçin peýdalanylar.




