ÝHHG-niň (Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň) Aşgabatdaky merkezi Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin howanyň üýtgemegi we howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan «ÝHHG-niň Modeli» atly çäräni gurady.
Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden talyplar gatnaşdylar.
Bu çäre ýaşlara howanyň üýtgemegi bilen howpsuzlygyň arasyndaky özara baglanyşyga has gowy düşünmäge, şeýle hem ÝHHG-de karar kabul etmek tapgyrynyň modelleşdirilmegi arkaly gepleşikleri alyp barmak, ylalaşyk gazanmak we özara düşünişmek ukyplaryny kämilleşdirmäge ýardam berdi.
«Howanyň üýtgemegi — bu ÝHHG-niň howpsuzlygynyň üç ölçegine hem täsir edýän uly wezipedir: ol ykdysadyýete täsir edýär, adamlaryň howpsuzlygyna degişli meseleleri ýüze çykarýar, käwagt bolsa hatda syýasy dartgynlylygy hem artdyrýar» diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Uilliam Lif belledi.
Milli tälimçiler ÝHHG-niň çemeleşmesini gepleşikleri öňe sürmek, dartgynlylygyň öňüni almak we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin nähili ulanmalydygy baradaky gyzgalaňly çekişmelere moderatorlyk etdiler. Şeýle hem olar howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň biri boýunça ÝHHG-niň çäklerinde karar kabul etmek tapgyrynyň simulýasiýasyny (nusgasyny) geçirdiler.