Türkmenistanyň ýygyndy topary şu gün Täjigistanda badalga alýan Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) 20 ýaşa çenli (U20) ýaşlar toparlarynyň arasyndaky çempionatyna gatnaşar.
Ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysyndan başga-da, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň toparlary çykyş ederler.
Çempionat bir aýlawda geçiriler, iň köp utuk toplan topar bolsa çempionatyň ýeňijisi bolar.
Birinji tapgyrda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň wekilleri owganystanly ýaşdaşlary bilen duşuşarlar. Soňra — 13-nji maýda bolsa olar ýaryşyň ýer eýeleri — Täjigistanyň ýygyndy topary bilen oýnarlar. Türkmen futbolçylarynyň 15-nji maýdaky garşydaşy Gyrgyzystanyň ýygyndysy bolar. Watandaşlarymyz ýaryşdaky çykyşlaryny 19-njy maýda Özbegistanyň ýygyndy toparyna garşy geçiriljek duşuşyk bilen tamamlarlar.