Türkmen basketbolçylary Belarusyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň oýunçylary bilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçerler

MilliInfo

9 Noýabr, 2026

Türkmen basketbolçylary Belarusyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň oýunçylary bilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçerler

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça milli ýygyndy toparlary (23 ýaşa çenli) «FIBA 3x3 YAD Camp 2026» atly halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek üçin Özbegistan Respublikasyna ugrar.

Ýurdumyzyň toparlary Daşkent şäherinde 12–16-njy noýabr aralygynda Belarusyň, Gazagystanyň we ýer eýesi bolan Özbegistanyň ýygyndy toparlary bilen bilelikde taýýarlyk geçerler. Bu türgenleşikler «FIBA-nyň» howandarlygy astynda guralar.

Oglanlar toparyna Rustem Mämmedow, gyzlar ýygyndysyna bolsa Mährijemal Jumageldyýewa tälimçilik eder. Mundan başga-da, toparlaryň düzüminde emin Serdar Eminjanow hem çykyş eder. Bu türgenleşik ýygnanyşygy ýaş oýunçylaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info