Türkmen basketbolçylary Daşkentde halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdiler

MilliInfo

11 sagat öň

Türkmen basketbolçylary Daşkentde halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdiler

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça ýaşlar ýygyndy toparlary (23 ýaşa çenli) Özbegistan Respublikasynda geçirilen «FIBA 3x3 YAD Camp 2026» atly halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny üstünlikli tamamladylar.

Ýurdumyzyň erkekler we zenanlar ýygyndylary 12–16-njy noýabr aralygynda Daşkent şäherinde Belarusyň, Gazagystanyň hem-de ýer eýesi bolan Özbegistanyň toparlary bilen bilelikde türgenleşdiler. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna serbiýaly hünärmenleriň hem gatnaşandygyny aýratyn bellemek gerek. Olar türgenleşik işlerine ýolbaşçylyk edip, oýunçylaryň taktiki we tehniki taýýarlygyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berdiler.

Bu halkara çäre Halkara basketbol federasiýasynyň (FIBA-nyň) howandarlygy astynda guraldy.

Ýurdumyzyň oglanlar ýygyndysyna Rüstem Mämmedow, gyzlar toparyna bolsa Mährijemal Jumageldiýewa tälimçilik etdi.

Mundan başga-da, wekiliýetiň düzüminde halkara derejeli emin Serdar Eminjanow hem bolup, ol daşary ýurtly kärdeşleri bilen eminlik işinde tejribe alyşdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info