Halkara migrasiýa guramasynyň (HMG) Türkmenistandaky wekilhanasy el işleriniň sergi-satuwyny guramak hem-de zenanlaryň ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça esasy gyzyklanma bildirýän taraplar bilen utgaşdyryjy duşuşygy geçirmek üçin milli maslahatçy wezipesine arzalary kabul edip başlaýar.
Resminamalary kabul etmek 2026-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda ýerli wagt bilen sagat 23:55-de tamamlanýar.
Jikme-jik tehniki ýumuş, şeýle hem arza bermegiň nusgasy şu salgyda elýeterlidir.
HMG-niň «Owganystan we goňşy ýurtlar üçin toplumlaýyn iş meýilnamasy» atly sebit taslamasy Türkmenistanda ýaşaýan owgan raýatlaryna hem-de ýerli jemgyýete, aýratyn-da zenanlara we gyzlara ýerli derejede uzak möhletleýin hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek üçin toplumlaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir. Owgan we ýerli jemgyýetçiliklerden bolan zenanlaryň we gyzlaryň hünär endiklerini ösdürmek, olaryň iş bilen üpjünçiligine we öz-özüni iş bilen üpjün etmegine ýardam bermek, şeýle hem ýerli häkimiýet edaralary we milli jemgyýetçilik guramalary bilen özara hyzmatdaşlygy berkitmek arkaly durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek taslamanyň esasy ugurlarynyň (komponentleriniň) biridir.
