«Honor» kompaniýasy resmi taýdan inçe we ykjam flagman smartfony bolan «Honor Magic 8 Pro Air» modelini hödürledi. Gabarasynyň galyňlygy barada aýdylanda, 6,1 mm bolan bu enjam «iPhone Air» we «Samsung Galaxy S25 Edge» modellerinden juda az tapawut bilen (sanlyja millimetr) yza galýar. Muňa garamazdan, «Honor Magic 8 Pro Air» 5500 mAs göwrümli kremniý-uglerod akkumulýatory bilen üpjün edildi — bu bolsa «Samsung Galaxy S25 Ultra» we «iPhone 17 Pro Max» modelleriniňkiden hem uly göwrümdir. Enjam 80 Wt simli we 50 Wt simsiz çalt energiýa beriş güýjüne eýedir.
Şeýle ykjam smartfonda uly göwrümli batareýanyň ýerleşdirilmegi «Honor Magic 8 Pro Airiň» esasy aýratynlygydyr. Ýöne täze model diňe munuň bilen çäklenmeýär. Enjam iň döwrebap «MediaTek Dimensity 9500» prosessoryna esaslanýar. Şonuň hasabyna-da ol öndürijilik babatda geçen nesliň flagmanlaryndan (şol sanda «Galaxy S25 Ultradan» hem) has öňe saýlanýar.
Ekranyň diagonaly 6,31 dýuýma deňdir. Şekiliň durulygy 1,5K, täzelenme ýygylygy 120 Gs, iň ýokary ýagtylygy bolsa 6000 kd/m² ýetýär. Ekranyň PWM ýygylygynyň 4320 Gs bolmagy şekiliň titremeginiň öňüni alýar we göz üçin doly amatlylygy üpjün edýär. Enjamyň doly ölçegleri 150,5 х 71,9 х 6,1 mm, agramy bolsa bary-ýogy 155 gramdyr.
«Honor Magic 8 Pro Air» üç modully kamera ulgamyna eýedir: esasy we giň burçly kameralarda 50 megapiksellik sensorlar, 3,2 esse optiki ýakyynlaşdyryjyly periskop kamerasynda bolsa 64 megapiksellik datçik ulanylypdyr. Belläp geçmeli möhüm aýratynlyk — esasy sensoryň ölçegi uly bolup (1/1,3 dýuým), ol «Honor Magic 8 Pro» modelindäki ýalydyr. Öňdäki «selfi» kamerasy bolsa 50 megapiksele deňdir.
Smartfon IP69 tozana we suwa durnuklylyk goragy hem-de NFC çipi bilen üpjün edildi. «Honor Magic 8 Pro Air» satlyga çykan wagtynda Android 16-nyň binýadyndaky MagicOS 10 interfeýsi bilen işleýär.
Smartfonyň bahalary: 12/256 GB — 720 dollar; 12/512 GB — 760 dollar; 16/512 GB — 805 dollar; 16 GB/1 TB — 860 dollar.