Moskwanyň awiasiýa instituty türkmenistanly dalaşgärleri okuwa çagyrýar

MilliInfo

2 sagat öň

Russiýanyň öňdebaryjy awiasiýa ýokary okuw mekdepleriniň birinde ýokary hilli tehniki bilim almak isleýärsiňmi? Moskwanyň awiasiýa instituty Türkmenistandan bolan dalaşgärler üçin bakalawr, hünärmenlik we magistratura maksatnamalaryna gapylaryny giňden açýar.

Moskwanyň awiasiýa instituty 18—26-njy aprel aralygynda daşary ýurt raýatlary üçin onlaýn olimpiada geçirýär. Bu olimpiada öz bilimiňi barlamaga we okuwa girmekde artykmaçlyk almaga ajaýyp mümkinçilikdir! 

Onuň ýeňijileri we baýrakly orunlaryň eýeleri üçin uly ýeňillikler hödürlenýär:

  • Ýeňijiler — giriş synaglarynyň netijelerine goşmaça +10 ball

  • Baýrakly orunlaryň eýeleri goşmaça +8 ball alarlar.

Olimpiada ýazylmak üçin şu çeşmeden peýdalanyp bilersiňiz.  

Mümkinçiligi elden gidermäň we okuwa girmek mümkinçiligiňizi ýokarlandyryň!

Kabul ediş komissiýasynyň şu çeşmä girip bilersiňiz.

Daşary ýurtlular üçin kabul ediş komissiýasy 2026-njy ýylyň 20-nji iýunynda açylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info