Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynda (uniwersitetinde) «BMG-niň dostluk oýunlary – 80» atly sport ýaryşlaryna badalga bermek dabarasy guraldy. Bu ýerde onuň çäklerindäki küşt boýunça dostluk ýaryşy geçirildi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň, Russiýanyň BMG-ä ýardam beriş Assosiasiýasynyň, BMG-niň Maglumat merkeziniň hem-de BMG – 80 jemgyýetçilik komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilen küşt ýaryşy Türkmenistanyň dünýäniň 80-den gowrak ýurdunyň, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň awtordaş bolup çykyş etmeginde yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» başlangyjyna bagyşlandy.
Çärä jemgyýetçilik işgärleri, diplomatik korpusyň wekilleri, mekdep okuwçylary, talyplar we Russiýa Federasiýasynyň DIM-iň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň ýaş liderleri gatnaşdylar.
Ol Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň gutlag sözi bilen başlandy.
Soňra dabarada Russiýanyň BMG-ä ýardam beriş Assosiasiýasynyň başlygy, Russiýanyň DIM-niň MGIMO-nyň rektory, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor A.W.Torkunow, BMG-niň Maglumat merkeziniň müdiri W.W.Kuznesow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.M.Aýdogdyýew, şeýle hem sowet we russiýaly hokkeýçi, BMG-niň Hoşniýetlilik Ilçisi W.Fetisow çykyş etdiler.
E.Aýdogdyýew öz çykyşynda sport diplomatiýasynyň Türkmenistanyň halkara işleriniň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Sport parahatçylygyň, ynamyň we özara düşünişmegiň gullugynda – bu Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň durmuşa geçirýän sport hyzmatdaşlygy strategiýasynyň düýp manysydyr. Şu ýyl dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, 1941-1945-nji ýyllarda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy, şeýle hem BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy ýaly möhüm seneleri belleýär.
Çykyşlarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Ýaryşyň ahyrynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Gatnaşyjylara ýadygärlik diplomlary, ýaryşyň ýeňijisine bolsa Oýunlaryň kubogy gowşuryldy.
BMG-niň oýunlary 2025-nji ýylyň sentýabrynda futbol, tennis we küşt ýaryşlary bilen dowam eder.