Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Gazagystan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň «Dostluk ýoly» atly baýramçylyk konserti geçirildi. Bu çäre iki ýurduň arasyndaky doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hem-de netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Dabaraly çäre köp sanly saz muşdaklaryny, diplomatik korpusyň wekillerini, medeniýet işgärlerini we paýtagtymyzyň ýaşlaryny bir ýere jemledi. Baýramçylyk maksatnamasyny Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew açyp, dostlugyň we özara hormat goýmagyň köpasyrlyk däplerine esaslanýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtady.
Gaziza Žubanowa adyndaky Aktöbe welaýat filarmoniýasynyň artistleri aşgabatly tomaşaçylara ýokary derejeli ýerine ýetirijilik ussatlygyny görkezdiler. «Dauys» wokal ansambly halk aýdymlaryny häzirki zaman äheňinde köp sesli ussatlarça ýerine ýetirmek bilen tomaşaçylary haýran galdyran bolsa, meşhur «Akku» tans topary milli medeniýetiň baý öwüşginini we aýratynlygyny şöhlelendirýän ajaýyp horeografik çykyşlaryny hödürledi.
Gazak halk saz gurallary orkestriniň çykyşy agşamyň aýratyn täsirli pursatlarynyň birine öwrüldi. Ýekebara aýdymçy Oral-Kosaý Baýsengiriň ýerine ýetirmeginde Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez goşgularyna döredilen aýdymynyň ýaňlanmagy iki doganlyk halkyň ruhy ýakynlygynyň aýdyň beýany boldy.
Konsertiň maksatnamasy türkmen sungatyna bagyşlanan täsirli saz sowgatlaryny hem öz içine aldy. Gazagystanyň at gazanan işgäri, Ahmet Žubanow adyndaky orkestriň çeper ýolbaşçysy Nurken Aşyrow köp sanly tomaşaçylara meşhur türkmen halk aýdymy «Bibijan» esasynda taýýarlanan awtorlyk fantaziýasyny, şeýle hem Daňatar Öwezowyň nusgawy «Leýli — Mežnun» operasynyň uwertýurasyny ruhubelentlik bilen ýerine ýetirip berdi.
Mähirli we dostlukly ýagdaýda geçen konsert tomaşaçylaryň şowhunly elçarpyşmalar bilen tamamlandy hem-de Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ýokary döredijilik mümkinçiliklerini ýene bir gezek subut etdi.
