Hindistan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda her ýylyň 14-nji sentýabrda bellenilýän Hindi diliniň gününe bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçili toparlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandar Wilsonbabu agşamyň myhmanlaryna gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol Hindi diliniň gününiň 1949-njy ýylda Hindistanyň Konstitusiýa ýygnagynyň hindi diline ýurduň resmi dili derejesini bermek baradaky kararyny ýatlamak maksady bilen, her ýylyň 14-nji sentýabrynda bellenilýändigini aýtdy.
Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy hindi diliniň dünýäde iň köp ýaýran dilleriň arasynda üçünji orunda durýandygyny we bu dilde 600 milliondan gowrak adamyň gepleşýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, hindi dili diňe bir aragatnaşyk serişdesi we Hindistanyň dürli sebitlerinde ýaşaýan adamlary birleşdirýän baglanyşyk bolmak bilen çäklenmän, ýurduň baý medeniýetini we ruhy däp-dessurlaryny hem şöhlelendirýär. Şu nukdaýnazardan, ilçi bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlykda gazanylan üstünlikleri kanagatlanma bilen belledi.
«Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda häzirki wagtda 40-dan gowrak talyp hindi dilini öwrenýär. Olaryň käbiri eýýäm Agra şäherindäki Merkezi Hindi dili institutynda (Kendriýa Hindi Sansthan) dil boýunça hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdi. Ilçihanamyz hindi dilini öwrenmek boýunça maksatnamalary giňeltmek üçin mundan beýläk-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär» diýip, ilçi aýtdy.
Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Premýer-ministr Narendra Modiniň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Ýurdumyzdan Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa gutlag sözi bilen çykyş etdi. Türkmen diplomaty Türkmenistanyň Hökümetiniň we Daşary işler ministrliginiň adyndan Hindistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol Hindistanyň halkara jemgyýetçiligindäki ýokary ornuny, baý taryhy-medeni mirasyny, şeýle-de täsirli ykdysady we ylmy-tehnologik kuwwatyny belledi.
Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk dostluk, ynam we deňhukuklylyk däplerine daýanýandygyny nygtady.
«Halkara gatnaşyklarynyň täze binagärliginiň kemala gelýän şertlerinde özara hormat, ynam, hoşniýetli goňşuçylyk we konstruktiw dialog aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Hut şu ýörelgeler Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ygtybarly binýadyny düzýär. Iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljekde-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna, köptaraply hyzmatdaşlygyň bolsa täze many-mazmuna eýe boljakdygyna ynanýaryn» diýip, M.Bäşimowa aýtdy.
Resmi bölümden soň agşamyň myhmanlary üçin täsirli aýdym-saz we tans çykyşlaryndan, şeýle hem hindi aşhanasynyň tagamlarynyň hödürlenilişinden ybarat bolan baý mazmunly medeni maksatnama hödürlendi.
