MOT ilkinji gezek türkmen sahnasynda konsert berdi

MilliInfo

2 sagat öň

Türkmen paýtagty Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde belli ýyldyzlaryň ajaýyp konsertlerini kabul edýär. 28-nji dekabrda Aşgabadyň Gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançasynda ilkinji gezek meşhur rus artisti MOT (Matweý Melnikow) çykyş etdi.

Bu hip-hop we duýguly R&B stillerini utgaşdyrmagy başarýan aýdymçynyň Aşgabada ilkinji saparydyr. Sazanda okgunly tans sazlaryny, hem-de çuňňur liriki eserleri öz içine alýan ajaýyp maksatnamasyny hödürledi. Diňleýjiler aýdymçynyň täze eserlerini-de, eýýäm köp gezek dürli saz çartlaryň iň ýokary basgançaklaryna çykan meşhur hitlerini-de örän gyzgyn garşyladylar. Şol agşam sport toplumynda aýdymçynyň köpler tarapyndan söýlüp diňlenilýän ««Капкан», «Соло», «Абсолютно всё», «Август — это ты», «По душам» we beýleki meşhur aýdymlary ýaňlandy.

MOT-uň türkmen sahnasyndaky ilkinji çykyşy tamamlanyp barýan ýylyň medeni çäreleriniň sanawynda iň ýatda galyjy wakalaryň birine öwrüldi. Şowhunly konsert 10 müň tomaşaçyny bir ýere jemläp, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Täze ýylyň öňüsyrasynda uly joşgun hem-de ýatdan çykmajak duýgulary bagyşlady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info